(Go: >> BACK << -|- >> HOME <<)

Türkiye dünýäniň 117 ýurduna tohum eksport edýär

Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly Türkiyäniň dünýäniň 117 ýurduna tohum eksport edýändigini habar berdi

2141782
Türkiye dünýäniň 117 ýurduna tohum eksport edýär

Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly ýurduň paýtagty Ankara şäherinde beýannama berdi. 

Türkiyäniň tohumda hiç bir ýurda garaşly däldigini aýdan Oba hojalyk we tokaýçylyk ministri Ibrahim Ýumakly: "Her bir ulanýan 100 tohumyň 97-si Türkiyäniň topraklarynda öndürilýär. 1,3 million tonnalyk önümçilige eýediris. Türkiye indi dünýäde tohum ýurt hökmünde edebiýata girdi. Türkiye dünýäniň 117 ýurduna tohum eksport edýär" diýip habar berdi. 

Esasan hem örän ähmiýet berýän suwaryş taslamalaryny tamamlamak üçin tagalla edýändiklerini aýdan ministr Ibrahim Ýumakly, Türkiyä soňky wagtlarda köp ýagyş ýagandygyny we gowy hasyla garaşýandyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar